Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iş sapary bilen Türkmenistanda bolar

19:0501.02.2015
0
6975

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

3-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W. W. Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti G. M. Berdimuhamedowyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly iş sapary bilen Türkmenistanda bolar. Bu barada şu gün Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýaýradan habarynda aýdylýar.

Garaşylyşy ýaly, Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ynsanperwerlik ýörelgelerini hem öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň döwrebap meseleleri boýunça gepleşikler geçiriler. Halkara durmuşynyň esasy meseleleri, hususan-da, iki döwletiň BMG-niň, şeýle hem Türkmenistanyň assosirlenen gatnaşyjy bolup durýan GDA-nyň çäklerinde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça pikir alşylar.

Saparyň barşynda Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmalaryň tertibini öz içine almak bilen, 2015-nji ýyl üçin daşary işler edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekerler. Russiýada Türkmenistan bilen daşary syýasat, ykdysadyýet, ynsanperwerlik ýaly köp ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýär. Sergeý Lawrowyň Türkmenistana boljak sapary däbe öwrülen rus-türkmen gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder diýlip, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň habarynda aýdylýar.           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň