Soňky habarlar

Arhiw

Rahat Japarow Täjigistanda iň gowy derwezeçi görkezilmäge dalaşgär

10:0023.12.2021
0
4364

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Täjigistanyň futbol çempionatynyň 2021-nji ýyldaky möwsüminiň iň gowy derwezeçisi bolmaga dalaşgär görkezildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Dalaşgärleriň arasynda «Hujanddan» Alekseý Matrosow bilen «Istrawşandan» Kurbonali Boboýew hem bar.

Rahat Japarow şu ýyl Duşenbe şäheriniň SSKA toparynyň düzüminde Täjigistanyň futbol çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Bu netije bilen SSKA 2022-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Täjigistanyň Futbol ligasynyň iň gowularynyň sylaglanyş dabarasy 24-nji dekabrda Duşenbe şäherinde geçiriler. Şol gün jemi 13 ugur boýunça baýraklar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň