Soňky habarlar

Arhiw

Birža täzelikleri, 31-nji ýanwar

12:5301.02.2015
0
4013

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

Geçen hepde-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda 31 geleşik hasaba alyndy. Bu barada “Türkmenistan: hepdäniň wakalary” habarlar neşiri okyjylara ýetirýär.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Latwiýadan, Estoniýadan bolan telekeçiler Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen, binýatlyk ýag satym alsalar, BAE-den we Malaýziýadan gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümi bolan tehniki kükürde hyrydar çykdylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplükler, arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alyjy ýurtlar bolup Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Eýran, Singapur we beýlekiler çykyş etdi.

Amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 427 müň dollaryna barabar boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 1 million 460 müň manada deň bolan ownadylan polimerleri (TNGIZT-niň önümi) we azyklyk bugdaý satyn aldylar.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň