Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

23:2221.12.2021
0
8842
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew giriş sözi bilen çykyş etdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çärelerine ýokary baha berdi. Şunda Türkmenistanyň BSGG we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegini we berkidilmegini maksat edinlýändiginiň tassyklamasy hökmünde,

Türkmenistanyň Prezidentiniň dürli halkara meýdançalarynda saglygy goraýyş ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň derwaýys häsiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de beýleki halkara guramalary we dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, pandemiýa garşy göreşmeklige, onuň netijelerini ýeňip geçmeklige we ynamly öňe gitmeklige gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryny işjeň ýagdaýda giňeldýär, diýip S.Toýlyýew belläp geçdi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Ataýewa häzirki pandemiýa garşy göreş alyp barmak boýunça BMG-niň global çözgütlerine çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, COVID-19 garşy göreşmek ugurly utgaşdyrylan halkara hereketlerine ýardam etmek maksady bilen ençeme kararnamalar kabul edildi. Bu resminamalarda BMG-niň ulgamynyň edaralary adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, köptaraplaýynlyga ygrarlylyklaryny berk tassykladylar, diýip Ilçi nygtady.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn möhüm häsiýete eýedir. Bu kararnama tutuş dünýäde adam saglygyna abanýan ägirt uly howpuň öňünde has ähmiýetli tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň hem-de jogap çäreleri arkaly jebisleşilmeginiň zerurlygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar, diýip Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Ýaponiýadaky, Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky, Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky, Russiýa Federasiýasyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Hytaý Halk Respublikasyndaky we Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň çykyşlary diňlenildi.

Diplomatlar öz bolýan ýurtlaryndaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlary beýan etmek bilen, COVID-19 garşy göreşmek hem-de onuň durmuş-ykdysady we ynsanperwer netijeleriniň peseldilmegi babatynda döwlet, sebit we dünýä derejelerinde alnyp barylýan çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň hyzmatdaş-ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky görnükli bilermenleri we hünärmenleri bilen ulgamlaýyn esasda pikirleriň hem-de hünär tejribeleriniň alşylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Çykyş edenler geljekde hem halkara bileleşigi bilen adamzadyň saglygyna zeper ýetirýän howplara hem-de wehimlere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky işjeň hem-de önjeýli dialogyň dowam edilmeginiň aýratyn zerurlygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň