Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Daşoguzyň bazarlaryndaky harytlaryň nyrhlary bilen tanyşdy

21:5621.12.2021
0
5462

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu gün – 21-nji dekabrda Daşoguz welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň ýaşaýyş-durmuşy, bazarlardaky harytlaryň nyrhlarynyň durnukly saklanyşy bilen tanyşdy.

“Türkmenportaly-yň” habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy, bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrypdy.

Şoňa laýyklykda, ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Daşoguz welaýatyna saparynyň dowamynda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Häzirki günlerde Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak, bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler baýramçylyga taýýarlyk görülýän häzirki günlerde has-da möhümdir.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow iş saparynyň netijeleri boýunça Daşoguz welaýatynyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň