Soňky habarlar

Arhiw

Taý boksy boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirilýär

10:5101.02.2015
0
6796

Aşgabat, 1-nji fewral. “Türkmenportal”.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk sport desgalaryndaky we başa-baş göreş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Şonuň netijesinde Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşler boýunça ýurdumyzyň milli çempionatlary yzygiderli geçirilip, ol janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär.

Ýanwar aýynyň soňky güni taý boksy boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşinden guralýan ýaryşlarda “Aziada-2017”-de türkmen sportunyň abraýyny gorap çykyş etjek mynasyp dalaşgärler gözden geçirilýär.

Şu maksat bilen guralýan Türkmenistanyň ilkinji çempionatynda ýurdumyzyň dürli künjeklerine wekilçilik edýän türgenleriň 60-a golaýy özara güýç synanyşdy. Olar 12 agram derejesinde (10-synda erkekler, 2-sinde zenanlar) bäsleşdiler. Düýn finala çykmak ugrundaky duşuşyklar geçirildi.

Aşgabat şäheriniň “Galkynyş” sagaldyş-sport toplumynda öz agramlarynda ýurdumyzyň çempiony bolmaga dalaş edýän  türgenler şu gün ringe çykarlar.

Final duşuşyklarynyň netijeleri barada şu ýerden öwrenip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň