Soňky habarlar

Arhiw

Selim Nurmyradow «Ahala» goşuldy

20:0017.12.2021
0
1686
Selim Nurmyradow «Ahala» goşuldy

Hüjümçi Selim Nurmyradow ýakynda «Ahal» futbol toparynyň düzümine goşuldy. Milli çempionatymyzyň 12-nji tapgyryndan başlap, ol toparyň düzüminde duşuşyklara gatnaşyp başlady.

Selim Nurmyradow möwsümiň başynda Liwanyň «Al-Ahed» topary bilen şertnama baglaşypdy. Şertnamasynyň möhletiniň dolandygy sebäpli, ol ýakynda Aşgabada gaýdyp geldi we TFF tarapyndan açylan bir günlük transfer penjiresinde «Ahalyň» düzümine goşuldy.

Selim Nurmyradow çagalykda «Rubiniň» akademiýasynda türgenleşdi we toparyň ikinji düzüminde duşuşyklara gatnaşdy. 2014-nji ýylda «Altyn asyra» geçen futbolçy geçen ýylyň ýanwarynda Özbegistanyň «Bunýodkory» bilen şertnama baglaşdy. Şu ýylyň maý aýynda bolsa Liwanyň «Al-Ahed» toparyna goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň