Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň başlygy: pandemiýa geljek ýyl tamamlanar

13:4321.12.2021
0
7063

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus öňdäki 2022-nji ýylda koronawirus ýokanjynyň doly ýok ediljekdigi barada çaklamany öňe sürdi, ol bu hakynda guramanyň Ženewadaky düýp-edarasynda metbugat brifinginde aýtdy.

“2022-nji ýyl pandemiýanyň tamamlanjak ýyly bolar” diýip, Gebreýesus belledi.

Ol munuň üçin geljek ýylyň ortasyna çenli dünýä ilatynyň 70 göteriminiň sanjym almagynyň gerekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Öň BSGG-niň Russiýadaky wekili Melita Wuýnowiç hem täze dörän omikron ştammynyň COVID-19-a garşy “janly sanjym” boljakdygyny we ýokanjy ýeňmäge mümkinçilik berjekdigini aýdypdy. Onuň pikiriçe, bu görnüş bilen ýeterlik adamyň kesellemegi gerek, netijede koronawirus dümew ýaly endemik häsiýeti alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň