Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşdy

22:4620.12.2021
0
6098

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 17-nji dekabrda geçiren mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň welaýatlar boýunça iş sapary başlandy.

“Türkmenportal-yň” habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy, bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrypdy.

Şoňa laýyklykda, ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, bazarlardaky harytlaryň nyrhlary we baýramçylyk mynasybetli alyjylara hödürlenilýän önümler bilen tanyşdy.

Häzirki günlerde Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak, bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler baýramçylyga taýýarlyk görülýän häzirki günlerde has-da möhümdir.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow iş saparynyň netijeleri boýunça Balkan welaýatynyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň