Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanmagynyň tarapdary

20:1220.12.2021
0
4650
Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanmagynyň tarapdary
Surat: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň dowmynda şu gün – 20-nji dekabrda Prezident Arif Alwi bilen duşuşdy. Pakistanyň Prezidenti duşuşygyň barşynda BMG, YHG we ŞHG ýaly esasy halkara hem-de sebit düzümleri bilen biragyzdan pikir alyşmakdan başga-da, pakistan tarapynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini, şunuň bilen baglylykda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň möhletinden öň tamamlanmagyna ygrarlydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen söhbetdeşlikde Prezident sebitara gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhümdigini, bu ugurda netijeli işleri has-da ilerletmek üçin iki ýurduň ýakyn aragatnaşykda bolmalydygyny belledi.

Duşuşykda TOPH gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanmagyny tizleşdirmek üçin Bilelikdäki iş toparynyň içinde ýörite komitet döretmek teklip edildi. Şeýle-de Prezident türkmen wekiliýetini Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň 17-nji adatdan daşary mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pakistan Lideri Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň adatdan daşary mejlisiniň Owganystandaky ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmek üçin halkara goldawyny gazanmaga täsir ýetirjekdigine umyt bildirdi. Halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky ýagdaýyň agyrlygyny ykrar etmäge we bu kyn pursatda goldaw bermäge çagyrdy.

Prezident ýaňy-ýakynda Türkmenistana eden saparyny ýada saldy we türkmen Lideri bilen örän netijeli gepleşik geçirendigini, munuň iki dost-dogan döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda taryhy waka bolandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, wise-premýer R.Meredowyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny we mähirli salamyny ýollady.

Şeýle hem, Pakistanyň prezidenti doktor Arif Alwiniň Türkmenistana eden saparynyň olar üçin uly goldaw bolandygyny we iki dogan ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň