Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tebigat-howa şertleri göz öňünde tutulyp ýokary hilli jorap öndürmek boýunça iş alnyp barylýar

12:1431.01.2015
0
5834

Aşgabat, 31-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň jorap önümçiligi pudagy ösdürilýär. Ýurduň içki bazarlarynda ilkinji nobatdaky harytlaryň bolçulygyny döretmek maksady bilen, edara buýurmalaryny göz öňünde tutup, täze önümçilik dokma toplumlarynyň biriniň binýadynda ýylda 2,5 million jübüt jorap öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda täze önümçilik üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirýän daşary ýurtlular bilen degişli gepleşikler geçirilýär.

Gaýtadan işleýän senagatyň öňdebaryjy pudaklarynyň depginli ösdürilmegi türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrar. Bu maksada ýetmek üçin önüm öndürijiler öňdebaryjy hem ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň hili, möçberleriniň artdyrylmagy we görnüşleriniň köpeldilmegi baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklarlar. Tebigy çig maldan taýýarlanyljak ilat tarapyndan uly isleg bildirilýän ýokary hilli joraplaryň önümçiliginde ýurdumyzyň tebigat-howa şertleri göz öňünde tutular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň