Londonda düýn meşhur “Titanik” gämisiniň ýolagçylarynyň el goşlarynyň sergisi açyldy, onda şeýle-de gäminiň dälizleriniň we kaýutalarynyň nusgalary görkezilýär. Bu barada “Ýewronýus” habar berdi.
Sergi 1912-nji ýylda heläkçilige uçrap gark bolan gäminiň betbagtçylykly ykbalyna täzeden garamaga mümkinçilik berýär, ol özüniň ilkinji suwda ýüzüşinde ägirt uly aýsberg bilen çaknyşyp, suwuň düýbüne batypdy.
Sergide ýolagçylaryň gymmatbaha şaý-sepleridir egin-eşikleri hem orun alypdyr, olary ýolagçy zenanlardyr erkekler halas bolmak umydyny ýitirensoňlar, iň soňky gezek dakynyp, geýipdirler.
“Biz adamlaryň “Titanigiň taryhyna has aýdyň göz ýetirjekdigine umyt edýäris, bu birgiden myş-myşlarydyr rowaýatlary, ýalňyş garaýyşlary aradan aýyrmaga hem-de heläkçiligiň hakykatda nähili bolup geçendigine akyl ýetirmäge mümkinçilik berer” diýip, sergini guraýjylaryň ýolbaşçysy Luis Ferreýro habarçylara gürrüň berdi.