«Gerekli» internet dükanyndan satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna Aýazbaba eltip berer

12:0818.12.2021
0
5191

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy köp adamyň Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbabanyň sowgat berjekdigi baradaky çagalyk arzuwyny durmuşa geçirmekligi meýilleşdirýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Gerekli» internet dükany Täze ýylyň öň ýanynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin baýramçylyk aksiýasyny yglan edýär: 20-nji dekabrdan başlap, gerekli.tm web sahypasyndan 250 manatlyk haryt sargyt eden paýtagtly müşderiler üçin eltip berme hyzmatyny Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymany bolan Aýazbaba ýerine ýetirer.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan 2000 manatlyk haryt sargyt etseler 50 manatlyk sertifikaty, 3500 manatdan gowrak haryt sargyt etseler 100 manatlyk sertifikaty Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymany bolan Aýazbabadan alarlar.

«Gerekli» internet dükany azyk önümleri, elektron we hojalyk enjamlary, öý we haýwanlar üçin niýetlenilen harytlar, tämizleýji himiki serişdeler, kanselýariýa harytlary, gözellik hem saglyk önümleri, egin-eşikler we çagalar üçin niýetlenilen esbaplar, aýakgaplar, atyr önümleri ýaly harytlaryň giň toplumyny hödürleýär. «Gerekli» önüm hojalyk jemgyýeti sargydyňyzy öýüňiziň gapysyna çenli eltip berme hyzmatyny amala aşyrýandygyny kepillendirýär (hatda Aýazbaba bolmasa-da).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň