Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşigini yglan etdi

18:5830.01.2015
0
10660

Aşgabat, 30-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasy 4-16 ýaş aralygyndaky çagalary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap geçirýän “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” atly çaga suratlarynyň döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige hödürlenýän işler 2015-nji ýylyň 1-nji fewral-15 maý aralygynda kabul ediler.

1-nji iýunda – Çagalary goramagyň Halkara gününde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň binasynda çaga suratlarynyň sergisi we baýrakly orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak bilen baglanyşykly takyk maglumaty Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň www. turkmenistanun. org. saýtyndan alyp bilersiňiz.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň