Arhiw

Ärdogan Ilon Mask bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13:2717.12.2021
0
3685

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «news.milli.az» web sahypasy habar berdi.

«News.milli.az» web sahypasynyň habaryna görä, sanly ulgam arkaly geçirilen bu iş maslahatynda Türkiýedäki döwlet we hususy pudak guramalary bilen bu kompaniýalaryň arasynda dürli ugurlarda, esasanam hemra we kosmos tehnologiýalarynda hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen bu iş maslahatynda elektrik ulaglary, sanly ykdysadyýet meselesi babatda hem pikir alşyldy we uzak möhletleýin maýa goýumlaryny, özara hyzmatdaşlygy giňeltmeklik üçin durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berildi.

Ärdogan bilen Ilon Maskyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkiýäniň ýerli elektrik awtoulagy bolan TOGG-nyň litiý batareýalaryny öndürmeklik bilen baglanyşykly bilelikdäki ädimler barada-da hem durlup geçildi. Mundan başga-da, taraplar şu ýylyň ýanwar aýynda Türkiýe tarapyndan kosmosa iberilen "TURKSAT 5A" emeli hemrasyndan soň "TURKSAT 5B" emeli hemrasyny hem kosmosa uçurmaklyk meselesi barada pikir alyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň