Soňky habarlar

Arhiw

Raisi Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady

09:3417.12.2021
0
5190

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Tükmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady. Gutlagda şeýle setirler bar.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy şol ýyllaryň dowamynda saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerip gelýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny kabul etmek barada gelen kararyny dürli sebit we halkara forumlarynda goldan ilkinji ýurtlaryň biri boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini ýok etmek babatda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Oýlanyşykly çözgütler arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli giňeljekdigine ynanýaryn.

Bitaraplyk baýramyny biz Türkmenistanyň halky bilen bilelikde belleýäris.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan-saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň