Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky 17-nji ýolagçy awtobus gatnawynyň ugruna üýtgeşme girizildi

16:4216.12.2021
0
16415

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny kämillşedirmek, ýolagçylaryň awtoulaglara bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 17-nji «Awtokombinat-Awtomenzil» üýtgedilen ugur boýunça gatnaýan awtobus baradaky maglumaty raýatlaryň dykgatyna ýetirýär. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

17-nji «Awtokombinat-Awtomenzil» ugur boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar A.Nyýazow şaýoly – A.Garlyýew köçe –Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly – O.Annaýew köçe – Arçabil aýlaw ýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyndan yzyna Arçabil aýlaw ýoly – O.Annaýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – Andalyp köçe – G.Bäşşiýew köçe – Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – A.Garlyýew köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň