20-nji dekabrda Aşgabatda 108-nji täze awtobus gatnawy işe başlar

15:5016.12.2021
0
17060

2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan başlap «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlaryň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze açylan 108-nji «Teke bazar – «Aşgabat» söwda merkezi» ugur boýunça gatnaýan awtobus öz işine başlar. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

108-nji «Teke bazar – «Aşgabat» söwda merkezi» ugur boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – S. Seýdi köçe – Tahran köçe – Mollanepes köçe bilen hereket edip, yzyna A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

  • Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň