Aşgabatda 5-nji belgili täze awtobus ugruna üýtgeşme girizilýär

13:3716.12.2021
0
13685

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugry boýunça awtobus gatnawyna üýtgeşme girizilýändigini habar berdi.

Kärhananyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 5-nji “Teke bazar – Arzuw” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe –A. Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – N. Andalyp köçe – A. Berdiýew köçe – T. Suhanlyýew köçe – H. A. Ýasawy köçe – B. Annanow köçe – G. Kulyýew köçe bilen hereket eder.

“Arzuw” belleniş nokadyndan yzyna G. Kulyýew köçe – B. Annanow köçe – H. A. Ýasawy köçe – T. Suhanlyýew köçe – A. Berdiýew köçe – N. Andalyp köçe – Görogly köçe – A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň