Arhiw

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyry üçin bijeleriň çekiljek güni belli boldy

20:5022.12.2021
0
7565

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty Aziýa kubogy ― 2023-iň nobatdaky saýlama tapgyry üçin bije çekişligiň 24-nji fewralda boljakdygyny habar berdi.

«SportMedianyň» şol çeşmä salgylanyp berýän habarynda hem nygtalyşy ýaly, FIFA-nyň iň soňky reýtingi çap edilenden soň, 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynyň bijeleri çekiler. 24-nji fewralda geçiriljek bije çekişligiň netijelerine görä, dört ýygyndydan ybarat bolan alty toparça dörediler. Toparlaýyn saýlama tapgyryň oýunlary indiki ýylyň 8, 11 we 14-nji iýunynda bir aýlawdan merkezleşdirilen görnüşde oýnalar.

11 topar 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalyna gatnaşar — altysy toparçanyň ýeňijisi, şeýle hem iň gowy çykyş eden bäş topar.

Saýlama ýaryşynda 24 topar Aziýa kubogy-2023-iň finalyna çykmak hukugyny almak üçin bäsleşer. Olar Türkmenistan, Özbegistan, Iordaniýa, Gyrgyzystan, Bahreýn, Palestina, Hindistan, Taýland, Filippinler, Kuweýt, Täjigistan, Mýanma, Gonkong, Ýemen, Owganystan, Malaýziýa, Maldiw, Singapur, Nepal, Mongoliýa, Bangladeş, Şri-Lanka , Indoneziýa we Kambojadyr.

Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Katar milli ýygyndylarynyň 2023-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň finalynda eýýäm öz ornuny alandyklaryny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň