Soňky habarlar

Arhiw

Çykarylýan ýangyjyň möçberleri artsa-da, Eýran türkmen gazynyň importyndan ýüz öwürmez

22:1229.01.2015
0
2545

Aşgabat, 29-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Eýranyň gazyň eksporty boýunça milli kompaniýasynyň baş direktory Ali Reza Kameli öz ýurdunyň türkmen gazyny import edýändigini ýatlatdy. Şol sanda, kompaniýanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, Eýran türkmen gazynyň importyny dowam etdirer. Çünki onuň syýasaty gaz meselesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir, munuň özi bolsa gaz söwdasynda diwersifikasiýany talap edýär.

Bu günki gün Eýrana Azerbaýjandan öwezini dolmak şerti bilen gaz ýerlemegiň çäklerinde her ýylda 1mln. kub. m gaz iberilýär. Şeýle hem eýran gazynyň Ermenistandan alynýan elektroenergiýasy bilen alyş-çalşy geçirilýär.

Ali Reza Kameliniň aýtmagyna görä, Eýran öwezini dolmak şerti bilen ýerlenýän gazyň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistanda gaz çykarmagyň mümkin bolan möçberleriniň artdyrylmagy türkmen gazyny Türkiýäniň, Yragyň, Eýranyň günorta etraplarynyň üsti bilen halkara bazarlaryna çykarmaga şert döredýär. Bu ugurda eýýäm gepleşikler geçirilýär diýip, Iran.ru habar berýär.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň