Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşdy.

21:1829.01.2015
0
2632

Aşgabat, 29-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň bir tarapdan başlygy jenap Ronald Neşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda britaniýanyň kompaniýalaryny işe çekmek bilen, bilim ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy gepleşikleriň gelejekde-de dowam etdirilmegine, şeýle hem söwda-ykdysady, nebitgaz we medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň