Aşgabatda uly ýollaryň ugrundaky aýlawlara ümürli howadan goraýjy çyralar ornaşdyryldy

13:3414.12.2021
0
8936

Gyş pasly dowam edýär. Gyşda ýagynly hem-de ümürli howalar köp bolýar. Aşgabatda gyş paslynda gar seýrek ýagýar. Ýöne ümürli howalar bolsa dowamly bolup durýar.

Ümürli howalar ýolagçylar hem-de sürüjiler üçin howply pursatlary döredýär. Hut şonuň üçin hem raýatlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygynyň öňüni almak maksady bilen Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň tassyklamagy bilen Aşgabatdaky uly ýollaryň ugrunda ýerleşýän aýlawlarda ümürden goraýjy yşyklar oturdyldy.

Tegelek görnüşde ýerleşdirilen yşyklar sürüjilere ümürli howada esasy ýol görkeziji bolup hyzmat eder.

Aýlawlarda ýerleşdirilen çyralar özüniň ýagtylandyryjylygy bilen beýleki yşyklardan tapawutlanýar. Bu bolsa sürüji hem-de her bir raýatyň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň