Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

09:1114.12.2021
0
3580

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilýän hünär baýramy bilen gutlady. Gutlag milli metbugatda şu gün — 14-nji dekabrda çap edildi. Gutlagda şeýle setirler bar.

Gadyrly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem türkmen nebitçileri, gazçylary we geologlary tutanýerli zähmet çekip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Men ýubileý ýylynda «Malaý» ýatagynda gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» käninde çuň burawa niýetlenen ýokary basyşly gaz guýularynyň gurluşygyna girişilendigini şu baýramçylyk güni aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Bilşiňiz ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürýär. Şoňa görä-de, bu pudak ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň, netijeli işleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Biz bu toplumy diwersifikasiýalaşdyrmagy, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmegi maksat edinýäris. Bu ugurda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işläp, ýurdumyza daşyndan getirilýän zerur önümleriň täze görnüşlerini özümizde öndürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde nebitgaz pudagynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşant boldy. Häzirki wagtda-da pudakda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de kämil tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Amala aşyrylýan bu işler, hususan-da, gaz geçirijileriň gurluşygy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy döwletlerde häzirki zaman senagat ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Nebitgaz senagatynyň geljegi uly bolan täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek hem Garaşsyz döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini aýawly we netijeli ulanmak boýunça öňe sürýän strategiýalarymyzyň biridir. Gaz senagatyna degişli täze taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylýan möçberlerini we ugurlaryny artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmakda alnyp barylýan bu işler guwandyryjydyr.

Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri!

Türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde täze tehnologiýalary peýdalanmak we ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek, bu işlerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatynda öňde goýlan wezipeler, geljekde durmuşa geçirilmeli taslamalar köp. Men pudagyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary we geologlary!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän hünär baýramyňyz bolan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň