Ruslan Mingazowyň gyşda «Atyrau» toparyna geçmegi ahmal

08:0013.12.2021
0
4234

«Kaspiniň» we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazowyň «Atyrau» toparyna geçmegi ahmal. Bu barada Metaratings habar berýär.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, klubyň täze ýolbaşçylary gyşda türkmenistanly futbolçyny toparda görmek isleýärler. «Attyrau» toparyna häzir gazagystanly hünärmen Konstantin Gorowenko tälim berýär. Ol Ruslan Mingazow bilen 2020-nji ýylda «Şahtýorda» hem işleşipdi.

«Atyrau» 1978-nji ýylda döredilen topardyr. Topar Gazagystanyň Premýer-ligasynda ýaryşýar. «Atyrau» geçen möwsümde 28 utuk toplap, 11-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň