Serdar Azmun fransuzlaryň “Lion” topary bilen şahsy şertnamasynyň şertlerini ylalaşdy

08:0012.12.2021
0
10374

“L'Équipe” neşiriniň habar bermegine görä, eýranly hüjümçi Serdar Azmun “Lion” toparyna geçmek bilen bagly deslapky ylalaşygyny mälim etdi.

Hasabatda Azmunyň dört ýarym ýyllyk şertnama baglaşandygy aýdylýar.

Indi hüjümçi bilen fransuz toparyna “Zenit” bilen ylalaşygy gazanmak galýar. Azmunyň Sankt-Peterburgyň topary bilen bagly şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. “Lion” topary “Zenit” bilen 26 ýaşly futbolçynyň gyşky transfer “penjiresinde” öz düzümine geçmegi bilen bagly gepleşikleri geçirmäge synanyşar.

Asly türkmen bolan Serdar Azmun 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda halypasy Gurban Berdiýewiň çagyrmagy bilen Tähranyň “Sepahan” toparyndan Kazanyň “Rubinine” geçipdi. Soňra Azmun tälimçi Berdiýew bilen bilelikde “Rostow” toparyna geçdi. 2017-nji ýylyň iýul aýynda bolsa hüjümçi Berdiýew bilen ýene-de Kazanyň toparyna dolandy. Ahyrynda hem, futbolçy 2019-njy ýylyň fewral aýynda resmi taýdan 12 million ýewro transfer tölegi esasynda “Zenit” toparyna geçdi.

Serdar Azmun 2021/2022 futbol möwsüminde Russiýanyň çempionatynda 15 duşuşyga gatnaşyp, 7 gol geçirdi we 1 gezek ýardam pasyny berdi. UEFA Çempionlar ligasynda bolsa 5 duşuşykda 2 gol geçirmegi başardy.

“Transfermarkt” portaly häzirki wagtda Azmunyň transfer bahasyny 25 million ýewro diýip bahalandyrýar.

Futbolçy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň