Soňky habarlar

Arhiw

«Kamado Joe» enjamyny Aşgabadyň haýsy dükanyndan satyn almaly?

09:3412.12.2021
0
4140

Barbekýu halaýarsyňyzmy? Onda Siz «Kamado Joe» enjamynyň nämedigini anyk bilýärsiňiz.

«Kamado Joe» enjamy – bu gril (гриль – çalt gowurmak we bişirmek üçin elektrik abzal), ýagny nahary çalt gowurmaklyk we bişirmeklik üçin niýetlenilen uly bolmadyk, ýönekeý enjam. Bu kämil enjam bilen açyk howada tüssede kakadylyp bişirilen ýa-da gowurlan nahar taýýarlanylýar.

Ýaşyl, gök ýa-da gara reňkdäki «Kamado Joe» enjamyny paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Bossan concept» dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz.

«Kamado Joe» enjamyna eýe bolanyňyzdan soň, Siz barbekýuda nahar bişirmek kynçylyklaryny we tüssäniň ysyny hemişelik ýatdan çykararsyňyz. Amatlylygy, ulanmaklyk üçin aňsatlygy we täsin bişiriş aýratynlyklary – «Kamado Joe» enjamynyň esasy artykmaçlyklarydyr.

Saralýan (изолирующая – izolirleýän, örtülýän, saralýan) EGG keramikasy, pes temperaturalarda-da takyk temperatura gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin «Kamado Joe» enjamynyň hili islendik açyk peçlerden (плитой – plita, peç) örän ýokarydyr.

Siziň bar etmeli zadyňyz – çola ýerde «Kamado Joe» enjamynda agajy ýakmaly we birnäçe minutdan nahar bişirmeklik üçin niýetlenilen temperatura ýetirmeli. «Kamado Joe» griliniň gyzgynlyk derejesini bu enjamyň gapagynyň üstünde ýerleşýän temperaturany sazlaýjy arkaly aňsatlyk bilen kadaly ýagdaýa getirip bolýar. «Kamado Joe» enjamynda bar bolan ýokary hilli temperatura datçigi 400 °C çenli takyk maglumat bilen üpjün edýär.

«Kamado Joe» griline ideg etmeklik örän ýönekeý, sebäbi enjamyň daş ýüzi ýalpyldawuk bolansoň, ony ýagdan we kirden tämizlemeklik gaty aňsat.

«Kamado Joe» grili ýakylan ýagdaýynda, gyzgynlyk sebäpli onuň içinde döreýän kesmek (наросты – galyndy, çökündi, kesmek) islendik peçde – duhowkada bolşy ýaly öz-özünden (самоочищающейся – tebigy arassalanmak, öz-özünden arassalanmak, tebigy saplanmak) tebigy arassalanýar.

«Bossan concept» dükany bilen habaraşmak üçin:

• Instagram hasaplary: @bossan_concept
@bossan_flora
@bossan_outdoor_tm
@bossan_coffee_garden

• Telefon belgisi: 415554, 726060;

• Salgysy: Mollanepes köçesi 27, Dürdäneli söwda merkezi (15-nji tapgyr).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň