Dakar — 2015-de şowly çykyş eden türkmen ekipažy bizde myhmançylykda

01:4128.01.2015
0
2324

Aşgabat, 28-njy ýanwary. “Türkmenportal”.

Öz gözbaşyny XIX asyryň aýaklaryna Fransiýada geçirilen ilkinji ownuk ýaryşlardan alyp gaýdan awtoulag bäsleşikleri wagtyň geçmegi bilen, düýbünden täze derejä çykdy. Häzir Dakar belgisi bilen geçirilýän bäsleşik bolsa häli-häzire çenli olaryň iň naýbaşysydyr. Şu ýyl Argentinanyň, Boliwiýanyň we Çiliniň çäginden 9250 km aralykda geçirilen bu iri ýaryşa taryhda ilkinji gezek türkmen ekipažy hem gatnaşdy. Öz şowly çykyşlary bilen diňe bir ýaryşyň guramaçylaryny däl, eýsem, bu ugurda köp çorba sowadan hünärmenleri-de haýran galdyran 443-nji belgili “G—Force Proto” ulagynyň sürüjisi Şamyrat Gurbanow bilen ýolbelet  Rafael Gaýnulin bu gün bizde myhmançylykda. Olar “Türkmenportalyň” habarçysynyň sowallaryna höwes bilen jogap berdiler.

—Bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýän bu ýaryşdan galan täsirleriňizi biziň bilen paýlaşaýsaňyz. Şamyrat, mümkin bolsa ilki sizden başlaýalyň.

Şamyrat Gurbanow, sürüji:

—Dakar diýmegiň özi eýýäm ähli zady aýan edip dur. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde şeýle ýaryşda çykyş etmegiň miýesser edendigi üçin men özümi bagtly adamlaryň biri hasaplaýaryn.

Rafael Gaýnulin, ýolbelet:

—Siz şu ýerde bir ýalňyşlyk goýberdiňiz (gülýär). Ilki menden başlamalydyňyz. Çünki üstünligiň agramly bölegi ýolbelede bagly (ýene gülýär). Dogrusy, men sürüjiniň ähmiýetini peseltjek bolamok, bu, hakykatdan-da, şeýle. Ýöne biz Dakar — 2015-iň ähli kynçylyklaryny we ýakymly pursatlaryny bilelikde geçdik. Şonuň üçinem biz nähili çykyş eden bolsak, munuň özi Şamyrat ikimiziň bilelikdäki tagallamyzyň netijesidir.

—Ralli-reýdiň özüňiz üçin iň kyn düşen tapgyryny ýatlap geçäýseňiz?

Rafael Gaýnulin: Elbetde, iň uly aralyga — 518 kilometre uzan 2-nji tapgyry. Onuň 100 kilometr töweregini feş-feş diýilýän bölek tutýar. Has düşnükli edip aýdanymyzda, bu edil sementi ýatladyp duran tozanlykdan geçmek diýmek ýaly bir zat. Öňüň gowy görnenok, ulagyň tekeri bolsa, çägä takmynan 15-20 santimetr çökýär. Bu bölek diňe biziň üçin däl, eýsem, azy ýaran ekipažlar üçinem öte kyn tapgyr boldy.

Şamyrat Gurbanow: Biz bu tapgyra ugramazymyzdan öň guramaçylaryň aýdan sözleri häli-häzire çenli ýadymdan çykanok. “Bu siziň üçin, megerem, soňky tapgyr bolar”. Näçe gaty görsek-de, olaryň ýöne ýere şeýle diýmändigine soň düşünip galdyk. Ýaryşa biz ýaly ilkinji gezek gatnaşýan ekipažlaryň biziňkiden öňňesi üçin bu bölek iň soňky tapgyr boldy. Umuman aýdanymyzda, diňe olar däl, öňden gatnaşyp ýörenleriň hem köpüsi şol tapgyrdan soň ýaryşa başlan 137 ekipažyň hatarynda görünmedi.

—Internet maglumatlaryna görä, siz bir görseň, ýagyn zerarly suwdan dolan jarda galdyňyz, bir görseň, ulagyňyz näsazlyk tapdy, bir görseňem ulagyňyzyň ýangyjy gutardy...

R.Gaýnulin: Biz barada başga-da köp zat diýdiler. Ählisi dogry diýip biljek däl. Ýöne siziň aýdýanlaryňyzyň jany bar. Ýangyçsyz  galmagymyza Boliwiýanyň Uýunisiniň töwereginde jara dolan ýagyş suwy hem täsir etdi. Biz ondan çykjak bolup köp güýç sarp etdik. Netijede dynç alyş düşelgesine gijä galyp gelmeli bolduk. Hyzmat ediş gullugy eýýäm bu ýerden ara açypdy. Şonuň üçinem ýangyç guýup ýetişmedik.

Ş. Gurbanow: Munuň üstesine, ýol gözläbem esli ýol geçmeli bolduk. Şeýle kyn pursatda bize özbaşdak çykalga gözlemekden başga alaç galmady. Golaý-goltumda iki ilatly nokat bardy. Şolaryň birine sowlup, ýerli ilatyň kömeginden peýdalanmaly bolduk.

—Siz ýaryşyň iň kyn böleklerinden geçip, iň ýeňil hasaplanýan soňky üç tapgyryny dowam etdirip bilmediňiz. Näme sebäp boldy?

R. Gaýnulin: Eger hereketlendirijiniň öňki priwodynda düýpli näsazlyk ýüze çykmadyk bolanlygynda köp zat başgaça bolardy. Öňde diňe üç tapgyr — özem ýaryşyň iň ýeňil bölekleri galypdy. Elbetde, gynandyk, ýöne nätjek, bu — Dakaryň synagy. Ony tutuş ralli-reýdiň dowamynda ýeňip geçmek üçin öte şowlulyk gerek.

Ş. Gurbanow: Rafael dogry belledi, biz ýaryşyň iň howply we kyn hasaplanýan böleklerini geçmegiň hötdesinden geldik. Çiliniň daglyklarynda deňiz derejesinden 4.800 metr belentlikde adama dem almagyň kyn bolandygyny aýdyp oturmaýyn. Bu ýerde ulagymyzyň hereketlendirijisi hem haýallamaly boldy.

—Sizde Dakar — 2015 barada ýakymly ýatlama beri galdymy?..

R. Gaýnulin: Elbetde, ýangyjyň gözleginde Boliwiýanyň bir ilatly nokadyna baran pursadymyz asla ýadymdan çykar öýdemok. Biz bu ýerde türkmen myhmansöýerligini duýduk. Bu ýeriniň adamlary ýumşak häsiýetli, öte hoşgylaw eken. Olar biziň ulagymyzda şekillendirilen ýurdumyzyň baýdagynyň hem owadandygyny aýdyp, biz bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Ş. Gurbanow: Maňa Rafaeliň sözlerini tassyklaýmak galýar. Tutuş ýaryşyň dowamynda biziň üçin boliwiýalylaryň göwnaçyklygy esasy ýatda galan pursat boldy. Meniň şu wagt ýene bir zat ýadyma düşýär. Çilide biz öte kynçylykly çöllügi geçenimizden soň, Rafael buýsançly seslendi:  “Türkmenistan Atakama çöllügini boýun egdirdi”. Dogrusy, şeýle sözlerden soň, asla argynlyk duýaňok. Umuman alanymyzda bolsa, biziň şeýle derejedäki ýaryşa gatnaşmagymyzyň özi ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Rafael, Şamyrat, “Türkmenportalyň” okyjylary üçin beren gyzykly gürrüňleriňize köp sag boluň. Size gelejekki abraýly ýaryşlarda hem üstünlik arzuw edýäris.

Ş. Gurbanow: Özüňizem sag boluň, şu ýyl Katarda Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçirilmeli, eger meýliňiz bolsa, sizem habarçy hökmünde bu ýaryşa gatnaşyp bilersiňiz.

 

Hormatly okyjylarymyz!

Sürüji Şamyrat Gurbanow bilen ýolbelet Rafael Gaýnuliniň Dakar-2015-de eden çykyşynyň suratlaryny yörite fotoreportaž arkaly synlap bilersiniz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň