Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Ahal» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy

21:0010.12.2021
0
2592
TÝL ― 2021: «Ahal» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 11-nji tapgyryň çäklerinde Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam” bilen duşuşan “Ahal” garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Gazanan bu ýeňşinden soň ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýän “Ahal” 22 utuk toplady.

Bu oýunda hem Elman Tagaýew ýeňiş getiren goly geçirdi. Ol oýnuň 75-nji minudynda penaltiden tapawutlandy.

Ýaryş tertibiniň üçünji, dördünji orunlaryny, degişlilikde, “Şagadam” (17 utuk) hem-de “Köpetdag” (14 utuk) toparlarynyň eýeleýändiklerini ýatladýarys.

"Şagadam" – "Ahal" – 1:2

Gollar: 43 Yhlas Magtymow (“Şagadam”) – 8 Serdar Geldiýew, 75 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 22 Hydyr Ýakubow, 25 Rahmanguly Baýlyýew, 42 Nazar Towakelow, 71 Farhat Italmazow, 72 Baýramgeldi Nurlyýew, 72 Arslan Ýollyýew, 73 Sergeý Kuznesow, 82 Guwançgeldi Ýagmyrow (“Şagadam”) – 67 Ybraýym Mämmedow, 81 Meýlis Diniýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň