Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol çempionatynda bassyr ýedinji ýeňşini gazandy

20:0010.12.2021
0
2517
"Altyn asyr" Türkmenistanyň futbol çempionatynda bassyr ýedinji ýeňşini gazandy

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda myhmançylykda “Altyn Asyr” topary “Köpetdagy” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

“Altyn Asyra” üstünlik getiren gollaryň biriniň penaltiden geçirilendigini bellemek gerek. Ony Begmyrat Baýow oýnuň 79-njy minudynda geçirdi.

Häzirki wagtda topar toplan 27 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar: 57 Begenç Akmämmedow (“Köpetdag”) – 18 Myrat Annaýew, 79 (11 m.j.u.) Begmyrat Baýow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 37 Yhlas Saparmämmedow, 79 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”) – 45+1 Berdimyrat Rejebow, 54 Ahmet Ataýew, 90+3 Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn Asyr”)

Meýdandan çykarylan: 41 Yhlas Saparmämmedow, ikinji duýduryş (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň