Soňky habarlar

Arhiw

Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda "kiçi" bürünç medala mynasyp boldy

18:0010.12.2021
0
11362

9-njy dekabrda ildeşimiz Seýitjan Mirzaýew Daşkende geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 61 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy.

Türgen 128 kilogram agramyň hötdesinden geldi. S.Mirzaýew birinji synanyşygynda buýran bu agramlygyny, ikinji synanyşygynda galdyrmagy başardy. Üçünji synanyşygynda bolsa 132 kilogram buýrup, ony galdyryp bilmedi.

Silterläp götermekde Şota Mişwelidze (131 kg) we Rok Şine (132 kg) kiçi kümüş we kiçi altyn medallary eýelediler.

Itekläp götermekde Seýitjan Mirzaýew birinji we ikinji synanyşygynda 145, üçünji synanyşygynda bolsa 147 kilogram agramlygy galdyryp bilmedi.

Şeýlelikde, bu agramda umumylykda Rok Şine (Koreýa Respublikasy) 288 kilogram galdyryp, altyn medala mynasyp boldy. Şota Mişwelidze kümüş (286 kilogram) we Alsalim Seraj (282 kilogram) bürünç medallary eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň