Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda şu ýyl 11,2 müň tonna ýeralma hasyly ýygyldy

17:4610.12.2021
0
1151

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri güýzlük ýeralmanyň 11,244 tonnasyny ýygnadylar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu bolsa göz öňünde tutulan meýilnamadanam artykmaç tabşyrylandygyna şaýatlyk edýär.

Hasyl ýygnamaga dahylly ähli bölümleriň sazlaşykly hereketleri bu jogapkärli işi gysga wagtyň içinde guramaçylykly amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Welaýatyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, güzlük ýeralmasy bu ýyl Gurbansoltan eje we S. A. Nyýazow adyndaky etraplarda, şeýle hem Gubadag etrabynda 800 gektar meýdanda ekildi. Çylşyrymly howa şertlerinde ekiniň idegine degişli ylmy maslahatlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi, köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe her gektardan pesinden bir ýüz kyrk sentner hasyl ýygnamaga mümkinçilik döretdi.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda ýeralma önümçiligine hususy öndürijileri-de oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen işjeň gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň