Soňky habarlar

Arhiw

«Garri Potteriň» ilkinji neşiri 471 müň dollara satyldy

16:0010.12.2021
0
3010

Ýazyjy Joan Roulingiň «Garri Potter we pelsepe daşy» atly romanynyň gaty jiltli ilkinji neşiri söwda-satyk auksionynda rekord baha— 471 müň amerikan dollaryna satyldy. Bu barada Heritage Auctions söwda öýüniň maglumatyna esaslanyp, Reuters habar berýär.

Başlangyç nyrhy 75 müň dollar kesgitlenen kitap 1997-nji ýylda, 500 nusgalykda çap edildi.

«Bu diňe bir jadygöý oglanjyk Garri Potter baradaky kitaplaryň iň gymmat satylany bolman, eýsem, XX asyr çeper edebiýatynyň hem iň gymmat nyrh kesilen eseridir» diýip, söwda öýüniň wekili gürrüň berdi.

Britan ýazyjy zenany Rouling jadygöý oglanjyk barada ýene alty kitap ýazdy, olar dünýäniň 80 dilinde 500 million nusgada neşir edildi. Olaryň esasynda dünýä prokatynda 7,8 milliard dollar gazanan sekiz film surata düşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň