Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji täjirçilik şrifti döredildi

13:0010.12.2021
0
12401

Türkmenistanda ilkinji gezek täjirçilik şrifti döredildi. Garagum sährasynyň şanyna «Garagum» diýlip atlandyrylan şrift, Belli Creative studiýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlandy. Studiýanyň öňe sürmegine görä, esasan, bezegçilik işleri üçin niýetlenen şriftiň tehniki aýratynlyklary diňe türkmen dilinde däl, latyn harplaryna esaslanýan dilleriň tas ählisinde ulanmaga mümkinçilik döredýär.

«Garagum» şriftiniň ösen tehniki aýratynlyklary ony dünýä ähmiýetli ýazuw şekiline öwürýär. Hut şol sebäpli «Garagum» şrifti ýakynda dünýäniň iň iri şrift platformasy bolan «Myfonts»-da satuwa çykaryldy. XIX asyrda esaslandyrylan Monotype kompaniýasynyň eýeçiligindäki bu platforma özüniň 60 müňe golaýlaýan şrift bazasy bilen tipografiýa dünýäsinde uly meşhurlykdan peýdalanýar.

«Garagum» şrifti Belli Creative studiýasy tarapyndan döredilen ilkinji şrift däldir. Emma ol täjirçilik maksatly döredilen ilkinji türkmen şrifti bolmak häsiýetine eýe. Studiýa mundan öň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat we bezeg işleri üçin niýetlenen «Ashgabat 2017» atly şrifti hem döredipdi. Ol şrift geçirilen çäräniň ähli bezegçilik işlerinde ulanyldy.

Belli Creative kompaniýasynyň hünärmenleriniň döreden bu şrifti häzirki döwrüň innowasion tehnologik şertlerine dolulygyna gabat gelýär. Täze şrifti döretmek üçin studiýanyň hünärmenleri 4 aýa golaý zähmet çekdiler. Täze «Garagum» şrifti «Open Type» we «True Type» formatlarynda döredilip, sanly platformalarda ulanmak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär.

«Garagum» şriftiniň tehniki häsiýetnamasy 238 glifden, 13 harp alternatiwinden we birnäçe ligatura görnüşlerinden düzülendir. Şriftiň döredilmeginde türkmen milli golýazmalarda ulanylýan kitap bezegleri, Garagum sährasynyň geografik aýratynlyklary hem-de çägeli eňňitleriň özboluşly şekilleri ýaly ýerlerden ylham alyndy. Şriftiň 9 aýlawdan ybarat estetik aýratynlygy çägeli ýapgytlaryň täsirli şekilini ýatladýar.

Şrift häzirki wagt Myfonts platformasynda elýeterli edildi. Şeýle hem Belli Creative kompaniýasynyň web sahypasynda şrift barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilen. Bu şriftden peýdalanmak isleýän taraplar dünýäniň islendik künjünden şrifti ulanmak hukugyny satyn alyp bilerler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň