Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet maliýe institutynda talyplara täze hünärleriň bäşisi boýunça bilim berilýär

12:1210.12.2021
0
1578

Şu okuw ýylyndan başlap, ýokary hünär biliminiň birinji derejesi, ýagny bakalawr maksatnamasy boýunça ýaşlaryň ençemesine Türkmen döwlet maliýe institutynda talyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bilim ojagynda bäş ugur boýunça hünär okuwy girizilip, zehinli ýaşlaryň 160-sy okuwa kabul edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Institutda ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň, şeýle hem beýleki pudaklaryň zerurlyklary üçin maliýe gözegçiligi, maliýe menejmenti, halkara maliýe, maliýe we karz, bank işi we pul dolanyşygy, işewürlik-informatika, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit ýaly hünärleriň üstüni ýetiren, ýagny şu okuw ýylyndan okadylyp başlanan maliýe, salgytlar we salgyt salmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi, birža işi we maliýe gözegçiligi ýaly bakalawr taýýarlygyň täze ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

2020-nji ýylyň dekabr aýynda «Türkmen döwlet maliýe institutynda okuw, okuw-usuly we ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnamanyň çäklerinde institutda ýokary hünär bilimli işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli gurluş düzümine geçmek işlerini doly tamamlamak çäresi hem mynasyp orny eýeledi. Hut şoňa laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda talyplaryň ählisi taýýarlygyň ugurlary boýunça ýokary hünär biliminiň birinji derejesi, ýagny bakalawr maksatnamasy boýunça instituta okuwa kabul edildi.

Bakalawr maksatnamasynyň artykmaçlyklary barada aýdylanda, ilkinji nobatda, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanyp gelinýändigini bellemeli. Bu bolsa milli bilim ulgamymyzy halkara ülňülere laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär.

Bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplara geçilýän dersleri iki dilde, ýagny türkmen hem-de iňlis dillerinde okatmak mümkinçiligi bar. Bulardan başga-da, bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplar ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi, ýagny magistr maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirip bilerler. Bu artykmaçlyk hünärmeniň bütin ömrüniň dowamynda bilim almagyna we hünär derejesini kämilleşdirmegine mümkinçilik döredýär. Netijede, iki derejeli gurluş düzümi boýunça talyplaryň taýýarlanylmagy milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösmegine, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň doly üpjün edilmegine oňyn täsir eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň