Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat Bitaraplygyň baýramçylyk bezegleri bilen bezeldi

11:0110.12.2021
0
5667

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň egsilmez ýakymy bilen gurşalan Aşgabadyň nurana keşbinde toý ruhuny duýmak bolýar.

Mahmal howasy melhem bolup kükrege dolýan, nurana keşbi hemişe toý zynatyna beslenen ak mermerli Aşgabady bu lybasda görmek has-da ýakymly. Gözellikde dünýä nusgalyk Aşgabadyň haýsy künjegine ser salsaň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň toý gutlaglary bilen birlikde, barha ýakynlaşýan Täze ýylyň öwüşginleri ýalkym saçyp görünýär.

Ýaşamak üçin dünýädäki iň amatly şäherleriň hataryna goşulan Aşgabat gözellik döredýän ildeşlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen ýylyň ähli döwründe gül-gunçalara beslenýär. Aşgabatda köçeleriň, her bir desganyň, binanyň abatlygyna, arassalygyna aýratyn üns berilýär. Bu asylly işlerde Aşgabat şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň suw çüwdürimlerini, seýilgähleri ulanmak we hyzmat etmek trestiniň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýy bar. Olar baş şäheriň her bir daban ýerine yhlaslaryny siňdirip, Aşgabadyň gül keşbine juwanlyk çaýýarlar.

Bilşimiz ýaly, 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününde Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahat Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň jemini jemlär.

Aşgabadyň döwrebap şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda toý gutlaglaryny halkymyza ýetirip duran elektron tablolar we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramyny alamatlandyrýan ençeme beýleki toý bezegleri golaýlaşyp gelýän Täze ýylyň gözleri gamaşdyrýan öwüşginleri bilen utgaşyp, her birimizde göwün göteriji ýakymly duýgulary döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň