Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sport teleýaýlymynda «Formula-1»-iň Abu-Dabi Gran-prisi göni ýaýlymda görkeziler

15:5309.12.2021
0
3542

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy şu hepdedäki gepleşikleriniň sanawyna «Formula-1»-iň Abu-Dabi Gran-prisini hem goşdy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, ýaryşyň deslapky tapgyry 11-nji dekabr güni sagat 18-den başlap görkeziler.

Jemleýji tapgyra bolsa 12-nji dekabrda ýene şol wagtda ― agşam sagat 18-de tomaşa edip bolar.

Abu-Dabi Gran-prisi taryhda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji noýabrynda geçirildi. Beýik Britaniýaly Lýuis Hemilton bu tapgyrda iň kän ýeňiji bolan türgendir. Ol BAE-niň paýtagtynda jemi bäş gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Toparlar boýunça iň kän ýeňşi 6 gezeklik ýeňiş bilen «Mersedes» eýeledi.

Tapgyryň geçen ýyldaky ýeňijisi «Red-Bulluň» sürüjisi Maks Werstappendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň