Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün Seýitjan Mirzaýew ýaryşar

15:3009.12.2021
0
1722

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün biziň ildeşimiz Seýitjan Mirzaýew çykyş eder. Ol 61 kilograma çenli agram derejesiniň «A» toparçasyna wekilçilik edýär. Bu toparçanyň ýaryşlary Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-00-da başlanar.

27 ýaşly agyr atletikaçynyň şahsy rekordy 292 kilograma deň. Ol bu babatda şu ýaryşdaky bäsdeşleriniň arasynda diňe koreýaly Rok Şinden yza galýar. Koreýaly türgen mundan ozal 300 kilogramlyk netijä ýetip bilipdi.

Şahsy rekordlara seredilende, Seýitjanyň bu gün medal gazanmak mümkinçiligi ýokary. Galanyny hem agşam 19-00-da başlanjak ýaryş görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň