Awstraliýada global howa ýagdaýyny seljerýän «Ýeriň gara gutusy» desgasy gurlar

13:1009.12.2021
0
764

Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynyň günbatar kenarynda 2022-nji ýylyň ahyryna çenli «Ýeriň gara gutusy» desgasy gurlar, Bu barada «milli.az» web sahypasy habar berdi.

«Ýeriň gara gutusy» desgasy global howa betbagtçylygynda adamzat siwilizasiýasynyň soňky onýyllyklary barada maglumatlary ýazga geçirer.

«Ýeriň gara gutusy» desgasyny döredenleriň – Tasmaniýa uniwersitetiniň alymlarynyň pikirine görä, Ýeriň sarsmaz gara gutusynyň esasy wezipesi adamzadyň ekologik betbagtçylyga garşy alyp barýan ähli ädimlerini resminamalaşdyrmaklykdan ybaratdyr. Netijede bolsa, Ýer şarymyzyň geljekki ýaşaýjylary bu resminamalary birnäçe ýyldan soň tapyp bilerler we siwilizasiýanyň ýok bolmagyna näme sebäp bolandygyna düşünip bilerler.

7,62 sm galyňlykdaky polatdan ýasalan bu gurluş şäher awtobusynyň ululygynda bolar. Bu desgada atmosferadaky kömürturşy gazynyň derejesi we howanyň üýtgemegi, Ýer şarynyň dürli sebitleriniň ortaça ýyllyk temperaturasy ýaly maglumatlary saklaýan enjamlar bilen birlikde, onuň gyrasynda gara gutynyň esasynda işleýän gün panelleri bolar.

«Ýeriň gara gutusy» desgasynda global ýylylyk baradaky ähli maglumatlar internet torunyň üsti bilen ýygnalar we ýazga geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň