Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi

12:3509.12.2021
0
10925

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk buýsanjymyz!» ady bilen baýramçylyk sergisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Şanly senä bagyşlanan sergide 100-den gowrak suratkeşiň döreden 220-den gowrak sungat eserleri görkezilýär. Olaryň 180-den gowragy nakgaş, 12-si heýkel, 6-sy keramika, 8-si gobelen, 15-si zergärçilik sungatyna degişli işlerdir.

Baýramçylyk sergisindäki işler dürli bolsa-da, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň belent waspy olary özboluşly birleşdirýär. Watanymyzyň parahatlygy, halkymyzyň zähmet üstünlikleri, milli mirasymyza söýgi bu işleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Serginiň halypa-şägirtlik ýolunda guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Sergide görkezilýän eserleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň «Irki bahar», Rejepmuhammet Berdiýewiň «Ýazda», Çarymyrat Saryýewiň «Sumbar», Işanguly Işangulyýewiň «Samarkant. Bibihanymyň rowaýaty» hem-de Aleksandr Kaşirskiniň «F.Dostoýewskiý» hem-de «Ç.Amangeldiýew» atly bürünçden ýasalan relýef eserleri bar.

Gözel Diýarymyza mahsus bolan sazlaşykly, owadan reňkleriň üsti bilen Watanymyzyň asudalygyny, ene topragymyzyň berekedini, parahatçylygy, tebigat gözelliklerini, toýdur baýramlarymyzy wasp edýän bu eserler baky Bitaraplygymyzyň keşbinde şöhle saçyp, sergä ýakymly toý öwüşginlerini çaýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň