Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «City Business School» sizi onlaýn hünär okuwyna gatnaşmaga çagyrýar

16:4208.12.2021
1
3163
Türkmenistandaky «City Business School»  sizi onlaýn hünär okuwyna gatnaşmaga çagyrýar

Ýylyň ahyry – ýylyň jemini jemlemeklik we geljek ýylyň iş meýilnamasyny düzmeklik üçin örän möhüm wagtdyr. Açyk meýilnamalaşdyrmaklyk üçin strategiýa gerek.

Strategik meýilnamalaşdyrma endiklerini özleşdirmeklik we ýyllyk iş meýilnamasyny düzmeklik – her kimiň netijeli işlemekligi üçin ilkinji esasdyr.

Strategik meýilnamalaşdyrma uzak möhletli maksatlary kesgitlemäge, olaryň hersine ýetmeklik üçin wezipeleri düzmäge, onuň esasy taraplaryna we çeşmelerine oňyn baha bermäge kömek eder.

16-njy dekabrda Türkmenistandaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») sizi onlaýn görnüşde geçiriljek hünär okuwyna (seminara) gatnaşmaga çagyrýar. Bu onlaýn hünär okuwynyň spikeri hökmünde Moskwadan Strategik meýilnamalaşdyryş okuwy boýunça ýokary hünär derejeli, tejribeli hünärmen Kirill Siwolapowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Kirill Siwolapowyň Strategik meýilnamalaşdyryş okuwy boýunça 20 ýyldan gowrak maslahat beriş tejribesi bar. Ol PCC ICF sertifikatly tälimçi we MBA programmalary boýunça mugallym. Tälimçi strategik meýilnamalaşdyryş okuwy boýunça ýokary derejeli, tejribeli hünärmendir.

Türkmenistandaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwy Zoom platformasynda geçiriler. Internet ulgamynyň üsti bilen bu platforma birigip bilmedik onlaýn hünär okuwyna gatnaşyjylar üçin Aşgabatdaky @ish_nokady_ koworking merkeziniň çäginde oflaýn usulda gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwynyň başlanýan wagty: sagat 16:00-da.

Türkmenistandaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwynyň dowamlylygy: 1,5 sagat.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwyna gatnaşmaklyk üçin @mba_turkmenistan instagram sahypasynyň «direct» diýen ýerine talapnama (заявку) goýup bilersiňiz: «Men gatnaşýaryn» diýip ýazmaly we telefon belgiňizi, elektron poçta salgyňyzy görkezmeli. Ondan soň, Türkmenistandaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwyna gatnaşyjylar üçin goşmaça görkezmeler alarsyňyz.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky «City Business School»-yň onlaýn hünär okuwy bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumat almaklyk üçin şu telefon belgä jaň edip bilersiňiz: +993 12 46-81-65.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
marketintm ( 09.12.2021 )

Мы можем оказать помощь в создании сайта на ему образования. Звоните в Ашхабаде +99363944265

0