Türkmenistanda adam hukuklaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

14:4308.12.2021
0
1358

Şu ýylyň 3-7-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda «Adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalarynyň halkara ülňüleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň , şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi we her ministrlik we edara öz binasyndan wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Maslahaty geçirmegiň esasy maksady adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalary we gollanmalary taýýarlamak bilen bagly halkara tejribesini paýlaşmakdan ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar adam hukuklary, olary goramak bilen baglanyşykly halkara başlangyçlar, olaryň ähmiýeti barada giňişleýin pikir alyşdylar. Aýdylýan pikirleriň filmleriň üsti bilen görkezilmegi has hem täsirli boldy. Çäräň dowamynda oňa gatnaşyjylar her bir gozgalýan mesele boýunça özara sorag-jogap alyşdylar. Onlaýn okuwda ýokary ýyl talyplary üçin «Adam hukuklarynyň halkara goragy» atly okuw dersini girizmek barada hem maslahatlaşdylar.

Çärä gatnaşanlaryň bellemegine görä, şeýle maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanda hukuk biliminiň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalarynyň we gollanmalarynyň taýýarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň