Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de ýewropa iş hepdesine geçildi

14:3608.12.2021
0
6801

Birleşen Arap Emirlikleri musulman döwletlerinden ilkinji bolup, yslam dynç günlerinden ýewropa hasabyna geçdi. Indiden beýläk ýurtda duşenbeden anna çenli işlener, bu barada Reuters ýazýar.

Indi Emirliklerde ýewropalylar ýaly, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri dynç alnar. Öň ýurt bu babatda yslam dynç günlerinden ugur alýardy — anna we şenbe günleri. Emeldarlar annada öýünden işläp biler, sebäbi iş güni gysga bolar.

Eýýäm öňdäki 1-nji ýanwardan anna güni adamlar 7:30-dan 12:00-a çenli işläp başlar.

BAE-de öňem, häzirem adaty iş güni 7:30-dan 15:30-a çenli dowam edýär. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, şeýle çäreler ýaşaýjylaryň iş bilen şahsy durmuşyň arasynda sazlaşygy ýeňil berjaý etmegine gönükdirilendir.

Şol bir wagtda täze iş hepdesine geçilmegi Emirlikleriň halkara kompaniýalary we işgärleri üçin özüne çekijiligini artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň