Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidenti YHG-nyň Aşgabat sammitine ýokary baha berdi

21:2007.12.2021
0
640

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi ýurduň teleýaýlymyndaky söhbetdeşliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiniň jemlerine ýokary baha berdi. Bu IRNA habar berýär.

Habarda nygtalyşy ýaly, Raisi 2021-nji ýylyň awgust aýynda döwlet Baştutany wezipesine girişeli bäri türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berip balady.

Ol 27-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda, takmynan bäş ýyl bäri çözülmän galan meseleleri çözmäge mümkinçilik dörändigine, bu babatda möhüm ylalaşyklaryň gazanylýandygyna ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, ulag-üstaşyr ugurlaryndaky meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Şoňa görä-de, eýran Lideri Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan tarapyndan gol çekilen gaz çalşygy baradaky şertnamanyň möhümdigini belledi, onuň Eýrany sebitiň üstaşyr merkezine öwürmek üçin oňat esas bolup biljekdigini öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň