Şu gün Çempionlar ligasynyň toparçadaky aýgytly duşuşyklary geçiriler

23:0007.12.2021
0
378
Şu gün Çempionlar ligasynyň toparçadaky aýgytly duşuşyklary geçiriler

Şu hepde Çempionlar ligasynyň toparçadaky 6-njy tapgyr duşuşyklary geçirilýär. Has takygy, şu gün hem-de ertir gyzgalaňly futbol ýaryşyny toparçadan soň dowam etdirjek toparlar mälim bolar. Şol sebäpden hem kesgitleýji duşuşyklaryň çekeleşikli geçjekdigi ikuçsuzdyr.

Bu gije — Aşgabat wagty bilen 22:45-de hem-de 01:00-da tapgyryň ilkinji 8 duşuşygy bolar. Onda “PSŽ”, “Mançester Siti”, Madridiň “Realy”, “Liwerpul”, “Inter”, “Borussiýa Dortmund” ýaly tejribeli toparlaryň duşuşyklary geçiriler.

Çempionlar ligasynyň toparçadaky 6-njy tapgyrynyň ilkinji 8 duşuşygynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

“RB Leýpsig” (Germaniýa) – “Mançester Siti” (Angliýa) — 22:45;
“PSŽ” (Fransiýa) – “Brýugge” (Belgiýa) — 22:45;
“Aýaks” (Niderlandlar) – “Sporting” (Portugaliýa) — 01:00;
“Porto” (Portugaliýa) – “Atletiko Madrid” (Ispaniýa) — 01:00;
“Real Madrid” (Ispaniýa) – “Inter” (Italiýa) — 01:00;
“Milan” (Italiýa) – “Liwerpul” (Angliýa) — 01:00;
“Şahtýor Donetsk” (Ukraina) – “Şerif” (Moldowa) — 01:00;
“Borussia Dortmund” (Germaniýa) – “Beşiktaş” (Türkiýe) — 01:00.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň