Daşoguz welaýatynda şu ýyl 2 milliona golaý tut nahaly oturdyldy

17:4607.12.2021
0
850

Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazygynda iki milliona golaý tut nahaly oturdyldy. Daşoguz welaýaty dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan piläni öndürijileriň biridir ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu ýerde her ýyl 500 tonna golaý pile taýýarlanylýar. Mundan başga-da, tut agajy ýerli ekologiýa oňaýly täsirini ýetirýär. Ol ekin meýdanlaryndaky beýleki ösümlikleri güýçli ýelden goraýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, suwuň bugarmagyny we oba hojalyk ekinleriniň suwa bolan talabyny azaldýar, gurakçylygyň ýaramaz täsirini peseldýär diýlip hasap edilýär. Şonuň üçin hem tut agajyny oba hojalyk ekinleriniň töweregine we welaýatyň suw çeşmeleriniň ugruna ekýärler. Tut agaçlary suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär. Tut nahallary yssa we gurakçylyga çydamly, toprak dannamaýar.

Häzirki wagtda ýüpekçilik Daşoguz welaýatynyň oba hojalygynyň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Sebitde tut atyzlary iki müň gektardan gowrak ýer tutýar. Şeýle hem bu ýerde tut agajy şäher bezeginde ulanylýar. Adamlar onuň miwlerini terligne iýýärler we mürepbe taýýarlaýarlar. Tuduň agajyndan saz gurallary, gap-gaç, ownuk-uşak zatlar ýasalýar. Onuň ýapragynda ýokumly minerallar we maddalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň