TDP-niň Daşoguzdaky göreldeli komitetleri sylaglanyldy

16:4807.12.2021
0
1068

Ýylyň başynda TDP-niň welaýat komitetiniň «Daşoguz habarlary» gazeti bilen bilelikde yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşigi golaýda jemlenildi. Bu barada neşir habar berdi.

Dabaranyň dowamynda TDP-niň welaýat komitetiniň «Göreldeli ilkinji partiýa guramasy» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň jemi boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji partiýa guramasy, «Iň gowy partiýa işini alyp baran etrap we şäher partiýa komiteti» diýen at bilen yglan eden bäsleşiginiň jemi boýunça birinji orna TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komiteti, ikinji orna Gurbansoltan eje adyndaky, Gubadag etrap komitetleri, üçünji orna Ruhubelent etrap komiteti mynasyp bolup, olar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Şeýle hem TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli partiýa işgärlerine, partiýa işjeňlerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň