Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda täze teleýaýlym açyldy

16:4507.12.2021
0
1289

Düýn – 6-njy dekabrda, sagat 09:00-da Özbegistanyň Milli telewideniýe we radio kompaniýasynyň ulgamynda «Foreign Languages» atly täze teleýaýlym açyldy. Bu barada «aniq.uz» web sahypasy habar berdi. Özbegistanyň täze «Foreign Languages» teleýaýlymy hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär.

«Foreign Languages» teleýaýlymy tomaşaçylara daşary ýurt dillerini öwrenmäge kömet etjek çeper filmleri, dokumental filmleri, telegepleşikleri, wideooýunlary döretmeklik we ýaýlyma bermeklik bilen meşgullanýar. Täze teleýaýlyma daşary ýurt dillerini suwara bilýän tejribeli hünärmenler işe çekildi.

«Foreign Languages» teleýaýlymy özbek halkyna günde 24 sagat daşary ýurt dillerinde hyzmat eder. Bu täze teleýaýlymda daşary ýurt dillerini onlaýn usulda öwretmeklige hem günde azyndan 3 sagat bagyşlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň