Türkmenbaşydaky gämi gurluşyk zawodynda şäher bezegleri hem öndürilip başlandy

16:3607.12.2021
0
1139

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu günler köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerde oturtmaga niýetlenen yşyklandyryş diregleri ýasalýar. Bu barada «Balkan» gazeti habar berdi.

Şeýle hem bu ýerde dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak ýaly önümçilik işleri hem alnyp barylýar.

Şu günler kärhanamyzyň abatlaýjylary «Berkarar» atly gämide ýeňil abatlaýyş işlerini hem guramaçylykly alyp barýarlar.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän häzirki zaman enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge hem doly mümkinçilik bar.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem şu ýerde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň