Arhiw

Türkmenistanda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçiriler

16:1007.12.2021
0
591
Türkmenistanda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşiginiň geçirilmegi Türkmenistanyň önümçiligine ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ýokary derejede özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer.

Bäsleşigi guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň amaly mehanika kafedrasy çykyş edýär.

Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen oba hojalyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Bäsleşige Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň inženerçilik ugurly taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.

Bäsleşigiň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny 1-nji goşundyda görkezilen nusga laýyklykda 2021-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli institutyň tohi@online.tm elektron salgysyna ugratmaly.

Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.

Bäsleşigiň geçişine «Zoom» programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.

Bäsleşigiň geçirmegiň şerti:

- bäsleşige gatnaşyjylar grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda önümiň her bir detalynyň we önümiň özüniň 3 ölçegli modelini, şeýle hem detallardan biriniň iş çyzgysyny taýýarlamaly;
- bäsleşige gatnaşyjylaryň her birinde şahsy kompýuteri bolmalydyr;
- sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (Autocad, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.).

Bäsleşikde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.

Bäsleşige berlen wagt tamamlanandan soňra, talyplar ýerine ýetiren işiniň elektron görnüşini hem-de onuň «.pdf» ýa-da «.jpg» görnüşindäki ýokary hilli nusgasyny 15-20 minudyň dowamynda institutyň tohi@online.tm elektron salgysyna ugratmaly.

Bäsleşige gatnaşýan talyp ýumuşy özbaşdak ýerine ýetirmeli.

Bäsleşikde beriljek ýumuşlar Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan düzülip, eminler topary tarapyndan ylalaşylyp hödürlenýär.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekillerinden düzülýär. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory tassyklaýar.

Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýumuşyň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmen oba hojalyk institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Ýeňiji bolan talyplaryň ýolbaşçy mugallymlaryna minnetdarlyk hatlary gowşurylýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň